Sepleriň elýeterliligi

Baku: özüni otlanyň şahsy anyklandy


Azerbaýjanyň polisiýasy 8-nji ýanwarda özüni otlan adamyň şahsyýetini anyklady we bu hadysanyň Bakuwda jaýlaryň ýykylmagy bilen ilteşiklidigi baradaky gürrüňleri ret etdi.

Bakuwdaky Ýasamal etrabynyň polisiýa bölümi özüni öldüren adamyň 21 ýaşyndaky Kamran Agaýew bolandygyny we bu iş boýunça derňewiň başlanandygyny aýtdy.

Agaýew köçede, şäher häkimiýetleriniň täze proektlere ýer açmak üçin köne jaýlary ýykýan ýerinde özüni otlady.

Soňky 13 aýda Azerbaýjanda azyndan bäş adamyň özüni heläkländigi aýdylýar.

2013-nji ýylyň dekabrynda, weteranlaryň köpüsiniň garyp halda ýaşamagyna protest bildirip, Dagly-Garabag urşunyň bir weterany hem özüni otlapdy.

XS
SM
MD
LG