Sepleriň elýeterliligi

Pakistan "Talybany" hüjümi boýun alýar


Pakistan «Talbanynyň» bir fraksiýasy Rawalpindidäki şaýy metjidine edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

9-njy ýanwarda janyndan geçen bombaçynyň metjide ýygnanan mähelläniň içinde özüni partlatmagy netijesinde ýedi adam öldi.

Pakistanyň «Talyban» hereketiniň «Jamat-ul-Ahrar» fraksiýasynyň sözçüsi Ehsanullah Ehsan žurnalistlere iberen imelinde "Biz şaýy metjidine edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstümize alýarys we yslamyň duşmanlaryna garşy şeýle hüjümleri dowam etdirmegi wada berýäris» diýipdir.

Şeýle-de ol özleriniň Pakistanyň «dinsiz ýolbaşçylarynyň kanunlary we asyp öldürmeleri bilen» gorkuzylyp bilinmejegini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG