Sepleriň elýeterliligi

Fransuz premýeri 'başarnyksyzlygy' boýun alýar


Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň «Charlie Hebdo» satiriki žurnalyna garşy gurnalan ganly hüjümiň öňüni almakdaky «aňtaw başarnyksyzlygyny» boýun aldy.

Walls hökümet 7-nji ýanwarda guralan hüjüm mahalynda anyk nämäniň bolandygyny analizlemeli diýdi. Sebäbi ol bu ýerde başarnyksyzlygyň bolandygyny aýtdy.

Ekspertleriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, eger howpsuzlyk gulluklary doganlar Çerif we Said Koaçileri ýakynrakdan gözegçilikde saklan bolsalar, hepdelik žurnaldaky 12 adamyň, sekiz žurnalistiň we iki polisiýa ofiseriniň öldürilmeginiň öňüni alyp bolardy.

Bu hüjümde esasy güman edilýän iki dogan 9-njy ýanwarda polisiýa tarapyndan öldürildi.

XS
SM
MD
LG