Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow kadr täzeledi


Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde türkmen resmileriniň bir topary işden boşadylyp, bir toparyna bolsa käýinç berildi.

Işden boşadylan resmileriň arasynda Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow, Döwlet Täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Aşyrow, Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadow, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy D.Hojamyradow dagynyň atlary getirilýär.

On çemesi ministre bolsa, «işde goýberen kemçilikleri» üçin diýip, käýinç berlendigi aýdylýar.

Şeýle-de prezident ýurduň telekanallarynyň, Medeniýet ministrliginiň işini, welaýatlarda oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişindäki kemçilikleri tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG