Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Pariž ýörişine goşulýar


Parižde ýörişiň geçiriljek ugrunda öňünden müňlerçe polisiýa işgäri we esger ýerleşdirildi.
Parižde ýörişiň geçiriljek ugrunda öňünden müňlerçe polisiýa işgäri we esger ýerleşdirildi.

Parižde 11-nji ýanwarda, fransuz paýtagtynda 7-9-njy ýanwar aralygynda guralan terrorçylyk hüjümleriniň pidalaryna hormat-sylaglaryny görkezmek üçin bir milliondan gowrak adamyň, şol sanda onlarça dünýä lideriniň ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls (Manuel Valls) munuň «taryh kitaplarynda beýanyny tapjak görlüp-eşidilmedik manifestasiýa boljagyny» aýtdy.

Ol bu ýöriş radikal yslamçylar tarapyndan «Charlie Hebdo” satiriki hepdeligine, fransuz polisiýa ofiserine, ýewreý dükanyna edilen hüjümlerde jemi 17 adam öldürilenden soň, özüniň azatlyga we çydamlylyga bolan söýgisi üçin aglajak fransuz halkynyň kuwwatyny we mertebesini görkezmeli diýdi.

Parižde ýörişiň geçiriljek ugrunda öňünden müňlerçe polisiýa işgäri we esger ýerleşdirildi. Oňa gatnaşmak üçin 10 ýanwarda Fransiýanyň dürli künjeklerinden gelen adamlaryň sany 700 müňden geçdi.

Bu ýörişde fransuz prezidentine goşuljak dünýä liderleriniň arasynda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron, german kansleri Angela Merkel, Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi dagy hem bolar.

Iordaniýanyň patyşasy Abdylla II we şa aýal Rania hem ýörişe gatnaşjakdygyny tassyk etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu, Palestinanyň lideri Mahmud Abbas dagy hem bir-bütewilik ýörişine gatnaşar.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili, Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder dagy hem 11-nji ýanwarda Parižde guraljak çärelere gatnaşmagy planlaşdyrýar.

NATO-nyň ba sekretary Jens Stoltenberg, Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti European Jean-Claude Juncker, Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Schulz dagy hem ýörişe gatnaşjakdygyny tassyk etdi.

Milli Front

Emma Fransiýanyň bir syýasy partiýasy, aşa konserwatiw «Milli Front» raýdaşlyk ýörişine gatnaşmaýar. Bu partiýa emigrantlara garşy bolup, musulmanlaryň Ýewropa salynmagyna garşy durýar.

«Milli Frontyň» lideri Mariýe Le Pen 10-njy ýanwarda özüni «guramaçylaryň özleriniň gatnaşmagyny açyk islemeýän demonstrasiýasyna gatnaşmaga mejbur etjek däldigini» aýtdy.

Le Pen bu ýörişi syýasy gözboýagçylyk hökmünde ýaňsa aldy we bu çäräni guran partiýalary «partizançylykda, saýlaw agitasiýasynda we gapma-garşylykda" günäledi.

Şeýle-de ol 10-njy ýanwarda öz «Milli Frontynyň» goldawçylarynyň köp ýerinde, Fransiýanyň günorta regionynda, Beaucaire şäherinde parallel ýöriş geçirjegini aýtdy.

Fransuz paýtagtyndaky we onuň töweregeindäki üç günlük terror zorlugy 9-njy ýanwardaky reýd netijesinde, Parižiň demirgazyk-gündogarynda «Al-Kaýda» ilteşikli doganlar Çerif we Said Koaçileriň öldürilmegi bilen tamamlandy. Bu iki dogan 7-nji ýanwarda «Charlie Hebdo» žurnalynyň ofisinde 12 adamy öldürmekde güman edilýär.

Şol gün Parižiň günortasynda, ýewreý dükanyna geçirilen reýd mahalynda «Al-kaýda» bilen ilteşikli Amedi Koulibali hem öldürildi. Ol 8-nji ýanwarda fransuz polisiýa ofiserini, 9-njy ýanwarda ýewreý dükanynda alan dört zamunyny atyp öldüren adam diýip bilinýär.

Fransuz polisiýasy onuň jenaýat şärigi hasaplanýan Haýat Boumeddieneni gözlemegi dowam etdirýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG