Sepleriň elýeterliligi

Hamaz "Charlie Hebdo" hüjümini ýazgarýar


Yslamçy söweşiji topar Hamaz Fransiýanyň «Charlie Hebdo» satiriki žurnalyna edilen ganly hüjümi ýazgaryp, «pikirleriň we düşünjeleriň arasyndaky tapawutlar ganhorlugy aklap bilmez» diýdi.

Hamaz 10-njy ýanwarda ýaýradan beýanatynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň deňeşdirmelerini hem ret etdi.

Ol Pariž hüjümini Hamazyň Gaza zolagyndan Ysraýylyň parahat ilatyna raketa atmagy bilen deňeşdiripdi.

Hamazyň beýanatynda «biziň halkymyzyň garşy duruş göreşi bir zat, global terrorizm bolsa başga zat» diýilýär.

Şu arada Palestinanyň daşary işler ministri Riýad al-Malki prezident Mahmud Abbasyň prezident Fransua Ollande gynanç bildirmek üçin telefon edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG