Sepleriň elýeterliligi

German gazetine ot berildi


German polisiýasy 11-nji ýanwarda iki sany erkegi tussag etdi, olar «Charlie Hebdo» hepdeliginiň karikaturalaryny göçürip çap eden gazete garşy ýangyn hüjümini etmekde güman edilýär.

Häkimiýetler bu iki ýigidiň «Hamburger Morgenpost» gazetiniň binasynyň golaýynda, gije sagat 2-de ýangyn signaly işländen soň saklanandygyny aýtdylar.

Güman edilýänler barada başga zat aýdylmady.

“Hamburger Morgenpost» gijeki ýangyn hüjüminiň öz arhiwindäki dokumentleriň käbirini haraplandygyny, emma hiç kimi ýaralamandygyny aýtdy.

Häkimiýetler ýangynyň derrew öçürilendigini aýtdylar. Olar gazetiň ýerzemindäki arhiwinden birnäçe daşyň we ýangynly çüýşäniň tapylandygyny hem habar berdiler.

XS
SM
MD
LG