Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: "Charlie Hebdo" hüjümi öwüldi


Günorta Owganystanda ýüzlerçe adam toplanyp, fransuz satiriki žurnaly «Charlie Hebdo» edilen ganly hüjüme goldaw bildirdi.

Bu demonstrasiýa Uruzgan welaýatynyň Çori etrabynda, juma namazynyň yz ýanynda, ýaragly adamlar Parižde «Charlie Hebdo» žurnalynyň ofisine hüjüm edip, 12 adamy öldürenlerinden iki gün soň guraldy.

Hüjümçiler «allahy ekber» diýip gygyryp, özleriniň satiriki žurnalda karikaturalary çap edilen pygamber üçin ar almak isleýändiklerini aýdypdyrlar.

Owgan resmileri demonstrasiýaçylaryň žurnal hüjümçilerini «gahryman» diýip atlandyryp, prezident Aşraf Ganiniň bu hüjümi ýazgarmagyna garşylyk bildirendiklerini aýtdylar.

Welaýat polisiýasynyň başlygy häkimiýetleriň bu ýygnanyşyk barada öňünden habardar edilendigini, oňa owgan kanunçylygynyň söz azatlygyny kepillendirmegi esasynda rugsat berlendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG