Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: ýolda 65 adam öldi


Pakistanyň häkimiýetleri ýolagçy awtobusy bilen nebit daşaýan maşynyň çakyşmagy we başga bir awtobusyň agdarylmgy netijesinde azyndan 65 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Polisiýa awtobus çakyşygynda 59 adamyň ölendigini aýdýar. Bu hadysa port şäheri Karaçiniň golaýynda boldy.

Polis resmisi Rao Muhammad Anwaar 11-nji ýanwarda nebit daşaýan maşyna gelip uran awtobusyň içiniň we üstüniň ýolagçydan doly bolandygyny aýdýar.

Ilki çykan habarlarda nebit daşaýan maşynyň ýoluň ters tarapyndan, ýolagçy awtobusynyň pete-pet öňünden gelendigi aýdyldy.

Çakyşanlaryndan soň, maşynlaryň ikisem ot alýar. Resmiler pidalaryň köpüsiniň jesediniň doly ýanandygyny aýdýarlar.

Bu hadysadan biraz soň, Bulujystan welaýatynda hem bir ýolagçy awtobusy agdaryldy we onda 6 adam öldi, bir topar adam bolsa ýaralandy.

Karaçide noýabr aýynda bolan awtobus çakyşygynda 58 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG