Sepleriň elýeterliligi

Maas: "Yslama garşy ýygnanyşygy ýatyrmaly"


Germaniýanyň adalat ministri Heiko Maas ýurduň yslama garşy hereketiniň 12-nji ýanwarda, Parižde bolan terror hüjümleriniň yzysüre Drezdende geçirjek nobatdaky demonstrasiýasyny ýatyrmagyna çagyrdy

Mass «Bild” gündelik gazetine 11-nji ýanwarda ýygnanyşygyň sag-ganat guramaçylary, Pediga ýa-da Günbataryň yslamlaşdyrylmagyna garşy watançy ýewropalylar diýilýän topar, eger jinnek ýaly salyhatlylygy bolsa, bu demonstrasiýalary bes etmeli diýdi.

Drezdende 10-njy ýanwarda jynsparazlyga, milletparazlyga garşy protest bildirmek, çydamlylygy wagyz etmek üçin guralan ýygnanyşyga 35 müň çemesi adam gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG