Sepleriň elýeterliligi

Pariž: Koulibalinyň wideosy çykdy


Parižde polisiýa ofiserini we ýewreý bazarynda alan dört zamunyny öldüren ýaragly adamyň ölmezinden öň düşen wideosy peýda boldy.

Ol bu wideoýazgyda «Yslam döwleti» toparyna wepadarlyk kasamyny edýär.

Biraz öň düşürilene çalym edýän wideoda Amedi Koulibali ýaragly, YD-nyň emblemasynyň öňünde maşk edýär we söz sözleýär.

Ol «Charlie Hebdo» satiriki žurnalyna, polisiýa we ýewreý bazaryna edilen hüjümleri goraýar.

Koulibali dürli wideoýazgylarda dürli eşikleri geýipdir. Bir ýazgyda ol «Charlie Hebdo» žurnalyna «ertir» hüjüm ediler diýýär.

Ol ilki fransuz dilinde gürläp, soň çalak-çulak arapçasynda YD toparynyň başlygyna kasam edýär.

XS
SM
MD
LG