Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Hüjümde ýedi esger öldi


Pakistanyň resmileri Balojistan welaýatyndaky barlag-gözegçilik nokadyna edilen giň gerimli hüjümde ýedi sany ýarym harby esgeriň öldürilendigini habar berýärler.

Pakistanyň harbysynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, 12-nji ýanwarda 40 çemesi söweşiji Mehtar atly daglyk regionyndaky Lorlaý etrabynyň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edipdir.

Lorlaý etraby Balojistan welaýatynyň paýtagty Kwettanyň 250 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Pakistanyň resmisi bu hüjüme kimiň jogapkärdigi barada henize çenli maglumat bermedi. Muňa garamazdan, “AFP” habar gullugynyň berýän maglumatynda “Baluj azat ediş armiýasy” atly söweşiji toparyň metbugat wekili Nirak Baluj barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar.

XS
SM
MD
LG