Sepleriň elýeterliligi

Peşawardaky mekdep gaýtadan açyldy


2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda "Talyban" söweşijileriniň Peşawardaky mekdebe eden ýowuz hüjüminden soň, resmiler okuwçylaryň jesedini alyp barýar.

2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda "Talyban" söweşijileriniň Peşawardaky mekdebe eden ýowuz hüjüminden soň, resmiler okuwçylaryň jesedini alyp barýar.

Pakistanda geçen aý “Talyban” söweşijileriniň hüjüm eden mekdebi berk howpsuzlyk çäreleri esasynda gaýtadan açyldy.

12-nji ýanwarda Pakistanda gyşky dynç alyş günleri tamamlanandan soň, Peşawar şäherindäki harbylara degişli mekdebiň okuwçylary we olaryň ene-atalary hem mekdebe bardy.

Peşawardaky mekdepde howpsuzlyk çäreleri giň gerimde bolup, bu çäre mekdebe edilen hüjümden soň, tutuş ýurduň çägindäki mekdeplerde howpsuzlyk çärelerini artdyrmak barada edilen hereketiň bir bölegidir.

“AFP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Peşawardaky harby mekdebiň öňünde azyndan 20 esger göze ilipdir we mekdebiň girelgesine aeroportlaryň gapysyndaky ýaly howpsuzlyk enjamy ýerleşdirilipdir.

XS
SM
MD
LG