Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Türkmenistanyň Internet kanuny barada


Internet

Internet

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Media azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Internet baradaky täze kanunynyň internet elýeterligini artdyrmaga mümkinçilik berip biljekdigini belläp, şol bir wagtda-da girizilýän çäklendirmeler bilen bagly öz aladasyny bildirdi.

9-njy ýanwarda Dunýa Miýatowiçiň ýazmaça ýaýradan beýanatynda “Kanunda çäklendirilmedik Interneti ýola goýmak maksady öwgä mynasyp” diýip bellenilýär. Miýatowiç “Kanunyň Türkmenistanda Internetiň elýeterligini artdyrjakdygyna umyt baglaýandygyny” mälim etdi.

Dunýa Miýatowiç

Dunýa Miýatowiç

Geçen ýylyň dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanda Internetiň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky” kanun ähli okuw we medeni merkezlerde, şol sanda mekdeplerde, muzeýlerde we arhiwlerde internet üpjünçiliginiň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar.

Şeýle-de bu dokument ähli hökümet edaralaryny Internetde öz websaýtlaryny açyp, onda öz alyp barýan işleri barada maglumat bermegäge we Internet arkaly berlen soraglara jogap bermäge borçly edýär.

Emma...

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç kanunda öz içine juda giň gerimli hereketleri göz öňünde tutýan proporsional bolmadyk çäklendirmeleriň hem girizilendigine ünsi çekýär. Kanunda ulanyjylar diňe dogruçyl maglumatlary ýerleşdirmäge kanuny taýdan borçly edilýärler, galyberse-de, ulanyjylar takyk kesgitleme berilmedik ýowuzlyk we gazaplylyk propogandasy diýlip atlandyrylan maglumatlar boýunça jogapkärçilige çekilip bilinýärler.

Miýatowiç bu barada: “Bu çäklendirmeler anyk belli edilmän, olar Internetde maglumatlaryň ýaýradylmagyna we özüňi erkin beýan etmäge oňaýsyz täsir ýetirip biler” diýdi.

Ýatladyp geçsek, täze kanunda Internet ualynyjar döwlet syrlaryny özünde saklaýan ýa-da türkmen kanunlary tarapyndan gadagan edilen maglumatlary paýlaşany üçin jogapkärçilige çekilip bilinýär.

Kanunda Internet arkaly Türkmenistanyň prezidentini kemsidýän, şeýle-de Konstitusion gurluşy zor bilen üýtgetmäge çagyryş edýän, uruş propogandasyny, gazaplylygy, milletçiligi we dini duşmançylygy öňe sürýän maglumatlary hem ýaýratmak gadagan edilýär.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Bileleşigiň ähli 57 agzasynyň çäklerinde media özgerişliklerine gözegçilik edýär. Ol media azatlygynyň we özüňi erkin beýan etmek prinsipleriniň bozulmagy bilen bagly irki duýduryşlary berýär.

XS
SM
MD
LG