Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan täze hökümetini yglan etdi


Owganystanlylar täze hökümetiň düzülmegi barada telewideniýede görkezilýän maglumaty görýärler, Kabul, 12-nji ýanwar, 2015
Owganystanlylar täze hökümetiň düzülmegi barada telewideniýede görkezilýän maglumaty görýärler, Kabul, 12-nji ýanwar, 2015

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasy dawaly saýlawlardan soň ençeme aýa çeken netijesiz gepleşiklerden soň ýurduň täze hökümet agzalaryny hödürledi.

Ganiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Abdul Salam Raheemi 12-nji ýanwarda Kabulda dabaraly ýagdaýda Ministrler Kabinetine hödürlenýän täze 25 agzanyň atlaryny yglan etdi. Bu dabara prezidentiň özi hem gatnaşdy, emma çykyş etmedi.

“Bütewülik hökümeti” diýlip atlandyrylýan hökümetiň täze düzümine üç zenan hem hödürlendi. Olar Ýokary bilim, Informasiýa hem Medeniýet we aýallar boýunça ministrliklere ýolbaşçylyk ederler.

Şeýle-de öňe sürlen täze ýolbaşçy wezipeleriň arasynda Merkezi bankyň başlygy we Milli howpsuzlyk müdirliginiň, Owganystanyň Aňtaw gullugynyň baştutanlary hem bar.

Ministrler Kabinetiniň täze düzümi entek parlament tarapyndan tassyklananok we saýlawlaryň geçiriljek wagty-da heniz kesgitlenenok.

Ganiniň beren wadasyna laýyklykda, hökümetiň täze düzümine öňki ministrlerden hiç biri teklip edilmedi, emma Milli howpsuzlyk müdirliginiň häzirki ýolbaşçysy Rahmatullah Nabiliň öz wezipesinde galmagy teklip edildi.

Owganystanyň öňki prezidenti Hamid Karzaýyň hökümeti şol döwürde korrupsiýanyň we garyndaşparazlygyň pajarlap ösendigini öňe sürýän tassyklamalar bilen baglylykda berk tankyt edilipdi.

Gani we onuň saýlawlar boýunça bäsdeşi, häzir ýurtda prezidentden soň iň täsirli wezipe bolan ýurduň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy bolan Abdylla Abdylla täze hökümeti düzmek boýunça çekeleşiklere birnäçe aý wagt sarp etdiler.

Bu işiň yza tesdirilmegi olaryň bütewi hökümetiniň işlemäge ukybyna şübhe döredipdi.

Gani, galplaşdyrmakda aýyplanyp, güýli tankyda uçran çekeleşikli saýlawlardan soň geçirilen gepleşikleriň netijesinde Abdylla Abdylla bilen häkimiýeti paýlaşmak boýunça özara ylalaşyga gelnip, 29-njy sentýabrda döwlet başyna geçipdi.

Owganystanyň öňki maliýe ministri we Dünýä bankynyň öňki resmisi Gani reformaçy we korrupsiýa garşy göreşjek hökümetiň düzüljekdigini wada berdi.

Muňa garamazdan, täze hökümetiň düzümi ýokary wezipelere adam saýlamakda iki bäsdeş syýasy lageriň agzalaryndan ybarat dalaşgärleriň arasynda deňagramlylygyň berjaý edilendigini görkezýär.

Esasy dört wezipä, ýagny Goranmak, Içeri işler, Maliýe we Daşary işler ministrleri wezipelerine Gani ýa-da Abdylla ýakyn durýan resmi şahslar hödürlendi.

Goranmak ministri wezipesine hödürlenen Şer Mohammad Karimi we Maliýe ministri wezipesine hödürlenen Gulam Jilani Popal Gani ýakyn adamlar diýlip hasaplanylýar.

Içeri işler ministri wezipesine teklip edilen Nur ul-Haq Ulumi saýlaw kampaniýasynda Abdyllany goldapdy.

Daşary işler ministri wezipesine hödürlenen Salahuddin Rabbani Abdyllanyň ýarany bolan öňki daşary işler ministrine ýakyn diýlip hasaplanylýar.

Owganystanda öten ýylyň dowamynda uzaga çeken syýasy krizis we halkara goşunlary 2014-nji ýylyň dekabrynda ýurtdan çykarylandan soň “Talyban” tarapyndan zorlukly hereketleriň tutaşdyrylmak ähtimallygy zerarly ýurduň döwlet edaralarynyň köpüsi wagtlaýynça öz adaty resmi işlerini dowam etdirip bilmediler.

XS
SM
MD
LG