Sepleriň elýeterliligi

“Sowalgalarymyzy çäklendirmeli bolarys”


Gapjyk we amerikan dollary.

Gapjyk we amerikan dollary.

Türkmenistanyň milli pul birliginiň - manadyň hümmetiniň dollara garanda peselmegi şu günler türkmenistanlylary, şol sanda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlaryny we olaryň ene-atalaryny iň köp alada goýýan meseleleriň biri bolsa gerek.

Ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän Myrat Türkmenistanda dollaryň gymmatlamagynyň özüne we maşgalasyna ikitaraplaýyn zarba urandygyny belleýär. Ukrainanyň ýokary okuw jaýynda okaýan Maral bolsa, mundan beýläk sowalga pullaryny has tygşytly ulanmaly boljakdygyny aýdýar.

Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkmenistanda dollaryň gymmatlamagy we onuň daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada ýokary bilimini Ukrainada dowam etdirýän Maral we Türkiýede okaýan Myrat bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG