Sepleriň elýeterliligi

Söweşijileri işe çekmekde güman edilýän sorag edilýär


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde 60 gyrgyz raýatyny Siriýadaky yslamçy söweşijileriň tarapynda söweşmäge ugratmakda güman edilýän gyrgyzystanly adam ýurduň sülçileri tarapyndan soraga çekildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň metbugat wekili Rahat Sulaýmanowyň 13-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 21 ýaşyndaky şübheli Türkiýäniň Stambul şäherinde kireýine alan jaýyny hakyna tutulan söweşijileri tranzit geçirmek üçin ulanypdyr.

Sulaýmanowyň aýtmagyna görä, şübheliniň kakasy öz ogluny Gyrgyzystana getirmek üçin Türkiýä sapar edipdir we ony gyrgyz sülçilerine tabşyrypdyr. Maglumatda şübheliniň kakasynyň Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organynyň öňki ofiseridigi bellenilýär.

Gyrgyzystanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň resmileri, şeýle-de Kawkaz regionynyň we Russiýanyň ýolbaşçylary özleriniň ýüzlerçe raýatynyň “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýa-da Siriýadaky yslamçy güýçleriň tarapyndan söweşýändigini habar berýärler.

XS
SM
MD
LG