Sepleriň elýeterliligi

Mubaragyň sud işine gaýtadan serediler


Müsüriň sudy ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaragyň pul ogurlamak bilen baglanyşykly hökümini ýatyrdy we onuň işine gaýtadan garalmagy barada karar çykardy. Mubaragyň pul ogurlamak bilen baglanyşykly hökümi, onuň türmede saklanmagyna sebäp bolýan ýeke täk hökümdir.

86 ýaşly Mubarak döwletiň serişdesini öz bähbidine ulanmak maksady bilen millionlarça amerikan dollaryny ogurlamakda günäli tapylyp, geçen ýylyň maý aýynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Onuň ogullary Gamal we Alaa dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýöne 13-nji ýanwarda Müsüriň Kassasion sudy Mubaragyň sud işi bilen baglanyşykly kanuny proseduralaryň talabalaýyk yzarlanmandygy barada karar çykardy.

Müsüriň harby keselhanasynda üç ýyl türme möhletini ýerine ýetirýän Mubaragyň tussaglykdan boşadylyp-boşadylmajakdygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG