Sepleriň elýeterliligi

Kerri Pakistany söweşijilere garşy göreşmäge çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (çepde) we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Pakistany Yslamabada, regiona we Birleşen Ştatlaryna howp abandyrýan söweşiji toparlara garşy göreşmäge çagyrdy.

Ol bu barada 13-nji ýanwarda Yslamabatda Pakistanyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sartaj Aziz bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Kerri Pakistanyň Demirgazyk Waziristandaky yslamçy söweşijilere garşy ençeme aýlap geçiren harby kampaniýasynyň “ähmiýetli” bolandygyny aýtdy. Emma ol söweşijilere garşy göreşiň agyrdygyny we gutarardan entek irdigini sözüniň üstüne goşdy.

“Pakistanyň we Owganystanyň Talyban hereketi, Hakkany guramasy, Laşkar-e Taýba ýaly beýleki terrorçylykly toparlar Pakistana, onuň goňşy ýurtlaryna we Birleşen Ştatlaryna howp abandyrmagy dowam etdirýär” diýip, Kerri belledi.

XS
SM
MD
LG