Sepleriň elýeterliligi

Fransuz žurnalynyň täze sany çap edilýär


Yslamçy söweşijiler tarapyndan Fransiýanyň Charlie Hebdo satiriki žurnalyna edilen hüjümden soň, žurnalyň ilkinji gezek çapdan çykýan sanynyň baş sahypasynda Muhammet pygamberiň karikaturasy ýerleşdirilýär.

14-nji ýanwarda satuwa çykaryljak fransuz žurnalynyň daşynda “Ähli kişi bagyşlandy” diýen sözbaşy ýerleşdirilipdir.

Fransuz žurnaly şu hepdeki sanynyň 1 million nusgasynyň çapdan çykjakdygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde žurnalyň şu hepdeki sanynyň birnäçe dile terjime edilmegine garaşylýar. Bu žurnalyň adatça her hepde 60 müň nusgasy çapdan çykýar.

7-nji ýanwarda ýaragly adamlar Charlie Hebdo satiriki žurnalynyň Pariždäki baş binasyna hüjüm edip, 12 adamy öldüripdiler.

XS
SM
MD
LG