Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamada bir adam öldi


Owganystanyň polisiýasy awtoulagyň ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň üstünden barmagy netijesinde bir adamyň ölendigini we başga-da üç sanysynyň ýaralanandygyny habar berýär.

Polisiýanyň metbugat sözçüsiniň aýtmagyna görä, 13-nji ýanwarda owgan paýtagty Kabulda bolan partlamada bir zenanyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, sözçi wakada pida bolanlaryň ählisiniň parahat ilatdan ýaşaýjylardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, beýleki bir wakada polisiýa ofiseri öz kärdeşlerine ot açyp, iki polisiýa işgärini öldüripdir.

XS
SM
MD
LG