Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerry: Pakistan söweşijiler bilen göreşmeli


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (çepde) we Paksitanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sartaj Aziz. Yslamabat, 13-nji ýanwar, 2015 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (çepde) we Paksitanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sartaj Aziz. Yslamabat, 13-nji ýanwar, 2015 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Pakistana ýüzlenip, Günorta Aziýa sebitine, regiona we ABŞ-a howp salýan söweşiji toparalara garşy göreşmäge çagyrdy.

Kerry bu barada 13-nji ýanwarda Yslamabatda Paksitanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Sartaj Aziz bilen geçiren mebugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Kerry Pakistanyň – Owganystan bilen serhetleşýän – Demirgazyk Weziristan sebitinde yslamçy söweşijilere garşy geçiren bir aýlyk harby operasiýasynyň “möhüm” bolandygyny aýtdy.

Emma ABŞ-nyň resmisi söweşijilere garşy göreşiň agyrdygyny we onuň soňuna çykardan entek irdigini hem sözünüň üstüne goşdy.

Kerry: “Pakistanyň we Owganystanyň “Talyban” hereketleri, ”Hakkani ulgamy”, ”Laşkar-e Taiba” ýaly toparlar Pakistana, onuň goňşularyna we ABŞ-a wehim salmagyny dowam etdirýär” diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip: “Bu toparlaryň gitdigiçe ilerlemän, gaýta tersine, taryhyň tozanyna siňmegini gazanmak biziň hemmämiziň borjumyzdyr. Bu agyr bir iş. Bu entek ýerine ýetirilenok” diýdi.

Aziz Pakistanyň harbylarynyň geçiren operasiýasy netijesinde ”Hakkani ulgamynyň” infrastrukturasynyň “dolulygyna ýok edilendigini” aýtdy.

Aziz: “Olaryň bu ýerden tä Owganystana çenli hereket etmek mümkinçilikleri dolulygyna ýok edildi” diýdi.

Aziz Pakistanyň güýçleriniň “ýakyn geljek içinde terrorçylygya garşy operasiýalarynyň dowam etdirjekdigini” aýtdy.

Kerry 16-njy dekabrda “Talyban” söweşijileriniň Peşewar şäherinindäki bir mekdebe eden hüjüminden soň, bu okuw jaýynyň täzeden işläp başlamagyna gowy baha berdi. Şol hüjümde, aglabasy çagalar bolan, 150 töweregi adam öldürildi.

Gürrüňi gidýän okuw jaýy ýurduň beýleki mekdepleri bilen bir hatarda 12-nji ýanwarda işläp başlady.

Peşewara edilen hüjümden soň Pakistan pitneçi söweşijileri “gowy” ýa-da “erbet” diýen toparlara bölmejekdigini mälim etdi.

13-nji ýanwarda-da Aziz Pakistanyň “hiç kimi ileri tutman”, ähli söweşijilere garşy göreşjekdigini aýtdy.

Kerry 12-nji ýanwarda, Hindistana eden saparyndan soň, Pakistana bardy.

XS
SM
MD
LG