Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Gelnini ilkinji gezek görýän


Karikatura.

Karikatura.

Akylly ogul

Biri “Pulumy tygşytlamak üçin murt-sakgal ýasanyp, gyzyl don, çüri gyzyl telpek geýip, öýümizde özüm Aýaz baba boldum. Oglum şonda-da meni tanady” diýip, ülpedine gürrüň berýär. Ülpedi:

-Aý, hawa-da, ogluň saňa görä akylly-da -diýipdir.

Sen onda, men munda

Iki dost Täze ýyl gijesiniň ertesi sataşýar. Biri beýlekisine “Täze ýyl gijesi “Köp içme!” diýmesin, azar bermesin diýip, saçak başynda göteren her badamy “Gelin baý, baky ýaşa, seň saglygyňa içýän” diýip içdim. Aýalymyň ýüz-gözi açylyp, bulgura özi şerap guýup berdi. Garaz, geçen gije aýalymy ölmez-ýitmez etdim -diýip öwnüpdir. Dosty:

-Onda aýalyň “Sen onda agla, men munda” diýip, aýdym aýdybermeli-dä? -diýýär. Ol dostunyň “Bü näme diýdigiň? diýen ikinji sowalyny-da bijogap goýmandyr:

-Aýalyň-a ölmez-ýitmez. Bir gün sen o dünýä göç çekeňde aýalyň aýtjak aýdymy diýdigim -diýipdir.

Dost mertebesi

Täzelikde öýlenen ýigit “Toýa-da gatnaşyp bilmediň. Geliniň bilen bize gel, Täze ýyly bileje belläli!” diýip, dostuny myhmançylyga çagyrýar. Öý eýesi ýaş çatynjalar Täze ýyl saçagynyň başynda aldygyna öpüşipdir. Bu ýagdaýa hyjywy joşup, odugan myhman gelin “Ine, çyn söýgi! Dostuň gelnini mähir bilen ogşaýar, görelde al!” diýip, äriniň gulagyna çawuş çakýar. Äri:

-Onuň gelnini birinji gezek görýän. Gelnini ogşabersem, ol öýkelär -diýip, parahat jogap beripdir.

Gürrüňi ogryn-dogryn diňläp, ýylmap-törpülän Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG