Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosynda ozal hem habar berlişi ýaly, 13-14-nji ýanwarda Ženewada, BMG-niň çagalaryň hukuklary baradaky komitetiniň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň delegasiýasynyň hasabaty diňlenýär.

Has anygy, türkmen resmileri Komitetiň agzalaryna öz ýurtlarynyň BMG-niň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýalaryny ýerine ýetirmek babatda gören çäreleri, hususan-da Konwensiýanyň iki fakultatiw protokoly boýunça edilen işler barada hasabat berýärler.

BMG-niň komitetlerinde diňlenişik geçirmegiň proseduralaryna laýyklykda, ýurtlar tarapyndan hödürlenilýän resmi (milli) hasabatlardan başga, komitetiň agzalary garaşsyz çeşmelerden, hususan-da hökümetden aýry guramalardan gelip gowşan habarlara, belliklere hem seredýärler.

«Global Initiative» atly garaşsyz gurama hem häzirki 68-nji sessiýa Türkmenistan baradaky belliklerini iberipdir. Olar ilkinji nobatda çagalaryň beden taýdan jezalandyrylmagynyň islendik görnüşiniň gadagan edilmegi baradaky meseläni gozgapdyrlar.

Şeýle-de bu sessiýa Adam hukuklary baradaky «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň hasabaty hödürlendi.

Azatlyk Radiosy bu diňlenişigiň gidişi barada oňa gatnaşýan hukuk goraýjy aktiwist, «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, Ženewadaky diňlenişigiň gidişi nähili? Komitet agzalary türkmen delegasiýasyna nähili soraglary berýärler we öz soraglaryna kanagatlanarly jogap alyp bilýärlermi?

Farid Tuhbatullin: Türkmen delegasiýasy indi ikinji gündür BMG-niň çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde hasabat berýär, prinsipde delegasiýanyň wekilleri özlerine çagalaryň hukuklary baradaky komitetiň agzalary tarapyndan berilýän soraglara ýeterlik derejede degerli jogap berýärler.

Mysal üçin, düýn Türkmenistanyň bilim sistemasyndaky, saglygy goraýyş sistemasyndaky ýagdaýlar bilen baglylykda köp sorag berildi.

Häzir hem diňlenişik dowam edýär. Günüň birinji ýarymynda çagalaryň saglygy, hususan-da maýyp, ene-atasyz çaglaryň saglygy barada soraglar berildi. Türkmen delegasiýasy bu ugurdaky soraglara kabul ederlikli jogaplary berýär.

Azatlyk Radiosy: Farid, anyk ýagdaýlar barada anyk sorag-jogaplar boldumy?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, haçanda has anyk, çynlakaý ýagdaýlar barada gürrüň gozgalanda, olar köplenç bizde şeýle kanun bar, beýle karar bar diýen ýaly delillere salgylanýarlar. Häzirlikçe olardan real faktly zatlar barada, gynansak-da, anyk jogap eşidip bolanok.

Mysal üçin, biziň gapdaldan aýtmagymyz esasynda, golaýda Maryda çagalaryň wepat bolmagy barada berlen soraga delegasiýa wekilleri häzirlikçe jogap bermekden saklananlaryny gowy görýärler. Ýöne dialog entek dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Farid, dialog mahalynda Türkmenistana berlen rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglylykda nägilelik bildirildimi?

Farid Tuhbatullin: Ýok, häzirlikçe beýle zat bolmady, sebäbi dialog öňräkden bäri alnyp barylýar, bu şunuň ýaly duşuşyklaryň ikinjisi bolup durýar.

Ozal komitet tarapyndan Türkmenistana rekomendasiýalar berildi we, delegasiýa wekilleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistan ol rekomendasiýalary täze kanunlarda ýa-da bar bolan kanunlara girizilen düzedişlerde nazara alypdyr.

Azatlyk Radiosy: Farid, Türkmenistanda çaglaryň käte pagta ýygymynda ulanylmagynyň dowam edýändigi aýdylýar, diňlenişikde şu ýagdaý barada sorag berildimi?

Farid Tuhbatullin: Hawa, şeýle soraglar berildi. Mysal üçin, goňşy Özbegistandaky ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmasa-da, Türkmenistanyň hem oba ýerlerinde çagalar pagta ýygymyna we beýleki oba hojalyk işlerine belli bir derejede çekilýär. Emma häzirlikçe bu soraglara hem anyk jogap berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG