Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Wideoda görkezilenler tassyklanmady


“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýaýradan wideosyndan bir bölek.
“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýaýradan wideosyndan bir bölek.

Russiýa “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň ýaýradan wideosynda öldürilen ýaly bolup görünýän iki adamyň rus raýatydygyny tassyklaýan maglumatyň heniz ýokdugyny mälim etdi.

Internetde ýaýradylan wideo ýazgyda ýaş oglanyň Russiýanyň içalylary diýip aýdylýan iki adamy atyp öldürýändigi öňe sürülýär.

Şeýle-de, wideo ýazgyda rus dilinde gürleýän iki adam Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy üçin Siriýadaky yslamçy toparyň arasyna gizlin aralaşandygyny aýdýar. Olaryň biri özüniň Gazagystandandygyny belleýär.

Russiýanyň Siriýadaky ilçihanasy “hakykatdan hem rus raýatlarynyň, hususanda Russiýanyň ýörite gulluklarynyň agzalarynyň öldürilip-öldürilmändigini anyklamak üçin maglumata seredýär” diýip, ilçihananyň metbugat sözçüsi Oleg Samoçkin “Interfax” habar gullugyna beren maglumatynda belleýär.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy wideo barada kommentariý bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG