Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýda” Fransuz žurnalyna hüjüm etdik diýýär


Düýbi Ýemende ýerleşýän “Al-Kaýda” hereketi geçen hepde Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynyň Pariždäki baş edarasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

7-nji ýanwarda bolan şol hüjümde ýaragly adamlar fransuz žurnalynyň işgärleriniň aglabasyny atyp öldürdiler. Bu wakada we onuň yzýany bolan hüjümlerde jemi 17 adam öldürildi. Fransiýanyň howpsuzlyk güýçleri hüjümler bilen ilteşikli yslamçy ekstremist diýlip güman edilýän üç adamy atyp öldürdi.

Wideo arkaly ýaýradylan maglumatda “Al-Kaýdanyň Arap ýarymadasyndaky” hereketiniň ýokary derejeli komandiri Nasr al-Ansi “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyna hüjüm eden ýaragly adamlaryň Muhammet pygamberiň aryny almagy üçin bellenendiklerini aýdýar.

XS
SM
MD
LG