Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: ÝB, ABŞ ýowuzlygy ýazgardy


Ukrainada raketanyň awtobusa uçurylmagy netijesinde azyndan 11 adam wepat bolandan soň, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar gündogar Ukrainada ýowuzlygyň artmagyny ýazgardylar.

Ukrainanyň harby güýçleri 13-nji ýanwarda separatistleriň kontrollugyndaky Donetsk şäherinden sapar edýän gatnaw awtobusyna edilen raketa hüjüminiň orsparaz separatistler tarapyndan uçurylandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Donetsk regionyndaky bölüminiň başlygy Wýaçeslaw Abroskiniň 13-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, wakada ölenleriň sany 12-ä ýetipdir.

Gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistleriň liderleri awtobusa özleriniň raketa uçurandygy baradaky maglumatlary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG