Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Bir adam tussag edildi


Gazagystanyň polisiýasy Almaty şäher häkimliginiň baş binasyny partlatmakda haýbat atan adamyň tussag edilendigini we onuň üstünde partladyjy serişdeleriň tapylmandygyny habar berýär.

13-nji ýanwarda üstünde partladyjy serişdeleriň bardygyny öňe sürüp, Gazagystanyň iň uly şäheriniň häkimlik binasyna giren adam özüni partlatjakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Şondan soň häkimligiň binasyndaky we onuň golaýyndaky edara-kärhanalardaky adamlar ewakuasiýa edilipdi.

Almaty şäher polisiýasynyň metbugat sözçüsi Saltanat Azirbekiň žurnalistlere beren maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän adam iki sagat dowam eden gepleşiklerden soň, tussag edilipdir. Azirbek raýatyň üstünde partladyjy serişdäniň tapylmandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Berk kontrollukda saklanylýan Gazagystan respublikasynda şuňa meňzeş wakalara seýrek duş gelinýär.

XS
SM
MD
LG