Sepleriň elýeterliligi

"Al-Kaýda" hüjümiň jogapkärçiligini alýar


«Al-Kaýdanyň» Ýemendäki bölüminiň baş komandiri Nasr al-Ansi internetde goýlan wideoda ol hüjümçilere žurnala hüjüm etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.

«Al-Kaýdanyň» Ýemendäki bölüminiň baş komandiri Nasr al-Ansi internetde goýlan wideoda ol hüjümçilere žurnala hüjüm etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.

Geçen hepde Fransiýanyň "Charlie Hebdo» satiriki žurnalyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini «Al-Kaýdanyň» Ýemendäki bölümi öz üstüne aldy.

Bu baradaky beýanat 14-nji ýanwarda internetde, satiriki hepdelegiň daşky jildinde Muhammet pygamberiň karikaturasyny görkezýän täze sanynyň çykmagy we Fransiýada çalasyn satylyp gutarylmagy bilen bir günde peýda boldy.

Şu aralykda fransuz hökümeti azyndan 50 adamy, şol hüjümden bäri terrorizmi goramak bilen baglylykda tussag etdi.

7-nji ýanwarda ýaragly adamlar yslam şygarlaryna gygyryp, «Charlie Hebdo” žurnalynyň Pariždäki ofisine kürsäp urdular we 12 adamy, şol sanda baýry redaktorlary hem karikaturaçyny atyp öldürdiler.

Olar fransuz paýtagtynda üç güne çeken hüjümlerinde jemi 17 adamy öldürdiler.

«Al-Kaýdanyň» Ýemendäki bölüminiň baş komandiri Nasr al-Ansi internetde goýlan wideoda ol hüjümçilere Muhammet sebäpli «öç almak» üçin žurnala hüjüm etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.

Bu žurnala musulman pygamberiniň karikaturalaryny çap edenligi üçin gaýta-gaýta haýbat atylypdy.

Ansi Arap ýarym adasyndaky bölümiň, «Al-Kaýdanyň» lideri Aýman Zawahiriniň buýrugy esasynda, «nyşanany saýlap alyp, plan düzendigini we operasiýany maliýeleşdirendigini» aýtdy.

Şeýle-de ol Fransiýa «Şeýtan partiýasyna» degişli diýdi we «has köp betbagtçylygyň we terroryň» boljagyny duýdurdy.

«Charlie Hebdo» žurnalynyň güman edilýän hüjümçileri Said we Çerif Koaçiler özleriniň Arap ýarym adasyndaky «Al-Kaýdanyň» adyndan hereket edýändiklerini aýdypdylar. Olar 9-njy ýanwarda, polisiýa tarapyndan geçirilen operasiýa mahalynda öldürildi.

Žurnala edilen hüjümden iki gün soň, üçünji ýaragly adam Amedi Koulibali Pariždäki ýewreý dükanynda adamlary zamun alanynda dört ýewreý erkegini öldürdi. Koulibali hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan, Koaçi doganlaryň öldürilen wagtynda, 9-njy ýanwarda öldürildi.

11-nji ýanwarda millionlarça adam Parižiň köçelerine çykyp, wepat bolanlaryň hormatyna ýöriş geçirdi. «Charlie Hebdo» žurnalynyň aman galan işgärleri bolsa, derrew täze neşiri çykarmaga girişdiler. Bu neşir 14-nji ýanwarda Fransiýanyň çar künjegindäki gazet kiosklaryna ýaýradyldy.

Onuň daşky jildinde gözünden ýaş döküp duran Muhammet pygamberiň karikaturasy ýerleşdrilendi we suratyň ýazgysynda «Men Çarli» diýilýärdi. Bu sözler terror hüjüminiň pidalaryna raýdaşlygyny we söz azatlygyna goldawyny görkezmek islän media serişdeleri hem millionlarça adam tarapyndan bütin dünýä boýunça aýdylan, gaýtalanan sözlerdi.

Žurnalyň jildinde, pygamberiň karikaturasynyň ýokarsynda «hemmeler bagyşlanan» diýen sözler görünýär.

Žurnalyň neşirçisi hepdeligiň täze sanynyň 5 million nusgasyny çap etjegini yglan etdi, bu onuň başda planlaşdyrylan sanyndan 2 million nusga kändir.

Kadaly ýagdaýda, bu žurnalyň her hepde diňe 60 müň nusgaçy çap edilýärdi.

Žurnalyň ýörite neşiri alty dile, şol sanda arap diline hem terjime edildi we 25 ýurtda okyjylara satylar.

Muhammediň täze karikaturasynyň çap edilmegi musulman dünýäsinde hem reaksiýa döretdi, Eýran ony «kemsidiji» we «öjükdiriji» diýip atlandyrdy.

Müsüriň baş müftisi Şawki Allam Muhammediň täze karikaturasyny fransuz we günbatar jemgyýetlerinde täze ýigrenç tolkunyna sebäp boljak «esassyz prowakasiýa» diýip atlandyrdy

Musulman alymlarynyň Katarda ýerleşýän halkara Birleşigi bolsa, «masgaralaýjy suratlary çekmek we filmleri düşürmek, ýa-da yslamyň pygamberine hüjüm etmek hiç bir akyl-paýhasa, logika sygmaýar» diýdi.

YD jeňçi topary öz radio stansiýasynda bu karikaturanyň çap edilmegini «barypýatan samsyk hereket» diýip atlandyrdy.

Türkiýäniň «Jemhuriýet» gazeti bolsa, öz bir sahypasynda fransuz satiriki žurnalyndan bölek ýerleşdirip, täze neşiriň daşky jildiniň çaklaňja suratyny hem çap etdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG