Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gyzlary we “ahlak”


Iki gyzyň tans edýän pursady.
Iki gyzyň tans edýän pursady.

Şu günler paýtagt Aşgabadyň käbir mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklary geçirilip, olara mekdep ýolbaşçylary bilen birlikde prokuraturanyň we polisiýanyň ýetginjekler bilen işleşýän işgärleriniň gatnaşandygy habar berilýär.

Bu ýygnaklarda esasan mekdep okuwçylarynyň özlerini alyp baryşlary barada gürrüň edilip, hususanda ýetginjek gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi, ýaş gyzlaryň käbirleriniň bolsa özlerini “ahlaksyz” alyp barýandyklary barada hem bellendi. Munuň netijesinde resmiler ene-atalardan öz çagalaryna gözegçiligini güýçlendirmegi sorap, olaryň mobil telefonlaryny hem barlap durmaga çagyrdylar.

Eýsem, siz gyzlaryň özlerini alyp baryşlarynda, bu babatda ýörite ýygnak geçirilip, gürrüň etmäge itergi berýän hereketleri görýäňizmi? Bu barada siz näme pikirde?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Öz garaýyşlaryňyzy söhbetdeşligimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň metbugat@gmail.kom email adresimize hat ugradyň.

XS
SM
MD
LG