Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada ýas yglan edildi


Ukraina ýurduň gündogaryndaky gatnaw awtobusyna edilen raketa hüjüminde pida bolanlaryň hatyrasyna 15-nji ýanwarda ýas yglan etdi.

13-nji ýanwarda Wolnowaha şäherçesiniň golaýynda edilen raketa hüjüminde 12 adam wepat boldy. Bu soňky aýlarda gündogar Ukrainada amala aşyrylan iň ýowuz hüjümdir.

Kiýew bu hüjümi amala aşyrmakda orsparaz separatistleri aýyplady. Gündogar Ukrainadaky separatistleriň liderleri bu aýyplamalary ret edýär.

14-nji ýanwarda Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk halkara jemgyýetine orsparaz separatistleri “terrorçy guramalar” diýip atlandyrmaga etmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG