Sepleriň elýeterliligi

BBC: Muhammet pygamberi şekillendirip bolar


BBC Sound of 2015

BBC Sound of 2015

Britaniýanyň jemgyýetçilik radio-telewizion guramasy BBC Muhammet pygamberiň keşbini, ýagny daşky görnüşini suratlandyrýan materiallary efire bermegi gadagan edýän we şu wagta çenli hereket edip gelen öz içki redaksion düzgünlerine täzeden garaýar.

Guramanyň beýanatyna görä, Muhammet pygamberiň daşky sypatyny alamatlandyrýan suratlaryň we karikaturalaryň efire goýberilmegi ýa-da goýberilmezligi mundan beýläk, BBC-niň uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen syýasatyna laýyklykda, gepleşik taýýarlaýanlaryň öz ygtyýaryna berler.

Mundan owal BBC-niň tanymal öňbaşçylaryndan Dawid Dimbleby öz hepdelik “Question Time” atly gepleşiginde eden çykyşynda Muhammet pygamberiň haýsam bolsa bir karikaturasynyň efire goýberilmezliginiň gönüden-göni guramanyň öz syýasaty bolup durýandygyny nygtapdy. Ol şonda hatda BBC-niň metbugat ýörelgesinden muňa degişli maddany hem mysal getiripdi.

Parižde “Charlie Hebdo” satirik žurnalynyň redaksiýasyna edilen gyrgynçylykly hüjüm bilen gabat gelendigi üçin bu çykyş tomaşaçylarda güýçli nägilelik döretdi.

Şondan soň BBC-niň ýaýradan beýannamasynda agzalan gadaganlygyň ýatyrylandygy habar berildi.

BBC-niň metbugat geňeşçisiniň aýtmagyna görä: "Bu düzgünler indi könelipdir we şeýle-de gepleşik taýýarlaýanlaryň BBC-niň ýörelgesine görä özygtyýarlylygyna gabat gelmeýär. BBC-niň döredijilik toparlary wawwaly meselelerden gepleşikleri taýýarlanlarynda, [bu temalara degişli materiallary] efire goýbermeklik ygtyýaryny hemişe redaksiýa tabşyrýar. Şeýlelik-de Muhammet pygamberiň karikaturasy bilen baglanyşykly redaksion düzgüne-de täzeden garalar".

BBC “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyň redaksiýasyna edilen gyrgynçylykly hüjüm baradaky habary efire goýberende, ilkinji gezek žurnalyň daşyndaky karikaturalary hem görkezdi.

Netijede bu meselede ozal dowam edip gelen redaksion gadaganlyk öz-özünden güýjüni ýitirdi.

XS
SM
MD
LG