Sepleriň elýeterliligi

Karimow gaýtadan dalaş edýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow häkimiýet başyna gaýtadan saýlanmak maksady bilen, ýurtda geçiriljek nobatdaky prezidentlik saýlawlary üçin öz dalaşgärligini yglan etdi.

15-nji ýanwarda Karimowyň “Özbegistanyň Liberal demokratik” partiýasynyň we “Telekeçiler we işewürler” hereketiniň geçiren bilelikdäki ýygnagynda, özbek prezidenti 29-njy martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bellenildi.

30-njy ýanwarda 77 ýaşyny dolýan Karimow 2007-nji ýylda geçirilen saýlawlarda gaýtadan prezidentlige saýlanypdy. Halkara gözegçileri şol saýlawlaryň demokratiýanyň standartlaryna laýyk gelmeýändigini aýdypdylar.

Karmiow 1990-njy ýyldan bäri Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG