Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa käbir kinofilmleri gadagan edip biler


Metbugat habarlarynda berilýän maglumatlara görä, Russiýa “milli medeniýete gara sürtýän”, ýurduň bütewiligine howp salýan ýa-da “konstitusiýa gurluşynyň esaslaryny bozýan” kinofilmleri gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

“Interfax” habar gullugynyň Medeniýet ministrliginiň resmisine salgylanyp berýän maglumatyna görä, hökümet tarapyndan teklip edilýän kararda şuňa meňzeş kinofilmleriň ýurduň kinoteatrlarynda görkezilmegi üçin talap edilýän rugsatnamany bermegi gadagan etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de, maglumatda bu kararyň 1-nji ýanwardan başlap güýje girmegine garaşylýardy diýilýär. Emma resmileriň arasyndaky gepleşikleriň tamamlanmandygy sebäpli, bu kararyň soňa goýlandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG