Sepleriň elýeterliligi

Obama, Kameron birleşen fronty ýola goýmagy wada berdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron yslamçy söweşijilere garşy birleşen fronty ýola goýmagy wada berdiler.

14-nji ýanwarda “Times of London” neşirinde çap edilen makalada Obama we Kameron “söz azatlygyny hiç kimiň dymdyrmagyna” rugsat bermejekdiklerini belleýärler.

7-nji ýanwarda Fransiýanyň Charlie Hebdo satiriki žurnalyna edilen hüjümde ýaragly adamlar fransuz žurnalynyň işgärleriniň aglabasyny atyp öldürdiler. Bu wakada we onuň yzýany bolan hüjümlerde jemi 17 adam wepat boldy. Fransiýanyň howpsuzlyk güýçleri hüjümler bilen ilteşikli yslamçy ekstremist diýlip güman edilýän üç adamy atyp öldürdi.

XS
SM
MD
LG