Sepleriň elýeterliligi

Fransuz şortasynyň tutulmagy jedel döretdi


 Dieudonné M'bala M'bala

Dieudonné M'bala M'bala

Fransiýanyň gapma-garşylykly satiriginiň Pariždäki ýewreý dükanynda dört adamy öldüren terrorça simpatiýa bildirmek bilen baglylykda tussag edilmegi Fransiýada söz azatlygy babatda kyn sowallaryň orta atylmagyna sebäp boldy.

Dieudonne, açyk antisemit şorta «terrorizme ýol berenligi» üçin türmä hem basylyp biler.

Geçen hepde Fransiýada, ýaraglanan yslamçylar Parižde «Charlie Hebdo» satiriki hepdeliginiň ofisine ganly hüjüm gurnanlaryndan soň, 4 milliona golaý adam terrory ýazgaryp, söz azatlygyny gorap ýöriş geçirdi.

Üç güne çeken başagaýlykda ýewreý dükany hem nyşana alnyp, jemi 17 adam pida boldy.

Bütin ýurduň gatnaşmagynda geçirilen ýörişden birnäçe gün soň, gapma-garşylykly fransuz komigi Dieudonne, hamala, Pariždäki ýewreý dükanynda dört zamuny öldüren ýaragly adama simpatiýa bildirmek bilen baglylykda tussag edildi.

Çykyşlary jynsparazlyk we antisemit degişmeler bilen duzlanan Dieudonne garşy derňew söz azatlygynyň çäkleri babatdaky goşa standartlar baradaky aýyplamalaryň döremegine getirdi hem-de bir topar sorag döretdi.

"Birleri muňa gapma-garşylyk hökmünde seredip biler, Fransiýanyň çaklaňja, ýöne inkär edip bolmajak azlygy muňa şübhesiz şeýle hem seredýär" diýip, Fransiýanyň «L'Express» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary we syýasy spesialisti Erik Mandonnet aýdýar.

"Parižde we beýleki şäherlerde söz azatlygy barada ýygnanyşyklar boldy we olar Fransiýanyň taryhynda bolan iň uly demonstrasiýalardyr. Şol bir wagtda Dieudonne gaşy derňew hem söz azatlygyna degişli diýip pikir edip biljekler bar."

Fransuz prokurorlary komigiň Parižde söz azatlygy babatda guralan köpçülikleýin ýygnanyşykdan soň aýdan sözleri bilen baglylykda derňew işini açdylar.

"Men özümi Çarli Koulibali ýaly duýýaryn" diýip, Dieudonne özüniň feýsbukda ýerleşdiren belliklerinde häzir giň ýaýran «Men Çarli» diýen sözleri zamun alnan dört ýewreýi we ýaragsyz aýaly, polisiýa ofiserini öldüren ýaragly adamyň ady bilen garjaşdyryp ulandy.

Bu komment onuň janköýerlerini iki bölege böldi, olaryň bir bölegi hökümeti söz azatlygy ýörelgelerini ala tutup ulanmakda aýyplasa, beýlekileri komigiň juda öte geçendigini aýdýarlar.

Bu komment bir sagada ýetip-etmez wagt içinde öçürildi.

Derňewçiler indi Dieudonniň Fransiýanyň «terrorizme ýol bermegi» gadagan edýän kanunyny bozandygyny ýa-da bozmandygyny kesgitlemeli.
Bu kanun bozma türme möhleti bilen jezalandyrylyp hem biler.

Häkimiýetler Fransiýanyň pikiriňi beýan etmek azatlygyna baglylygy terrorizme we ýigrenç sözüne meçew bermekligi aklap bilmez, bular fransuz kanunçylygynda hem gadagan diýdiler.

Premýer-ministr Manuel Walls Milli assambleýada sözlän joşgunly sözünde «Charlie Hebdonyň» «ýiti» satirasy bilen Dieudonniň aýdan sözleriniň arasynda garjaşdyrma bolmaly däl diýdi.

"Jynsparazlyk, antisemitlik, negatiwçilik (tersçillik) we terrora ýol bermek pikir däl, olar jenaýat" diýip, ol jar etdi.

Walls "terrorizme garşy rehimsiz söweşmegi wada berdi", emma Fransiýanyň «öldürýän söze» garşy hem berk çäre görjegini aýtdy.

Bu kesgitlilik eýýämden görnetin belli bolýar.

Geçen hepde bolan hüjümlerden bäri 50-den gowrak adam terrorizmi goranlygy üçin tussag edildi. Şol sanda bir adam, içgili ýagdaýda Pariždäki ýaragly hüjümçileri öwenligi üçin dört ýyl türme tussaglygyna iberildi.

Dieudonne bolsa, bu sözleri internetde ýaýradanlygy üçin has berk jeza, hatda 7 ýyla çenli türme tussaglygyna we $118 müň jerime tölemäge hem sezewar edilip biler.

Fransiýanyň birnäçe şäheriniň ýerli häkimiýetleri bolsa hökümetiň tarapynda durup, onuň ýewreýleri ýaňsylap gülýän we holokosty kiçeldýän çykyşlaryny gadagan edendiklerini aýtdylar.

Bu komigiň «terrorizme ýol berenligi» üçin ilkinji gezek derňelişi däl. Geçen sentýabrda, amerikan žurnalisti Jeýms Foliýniň YD jeňçileri tarapyndan jezalandyrylyp öldürilmegini ýaňsylandan soň hem onuň garşysyna şeýle derňew açylypdy.

Elbetde, Dieudonne nasistleriň salamlaşmasyna çalymdaş "quenelle" žestini meşhurlaşdyrmak bilenem tanymal boldy we bu žest şondan bäri sinagoglaryň hem holokost ýadygärlikleriniň golaýynda ulanylýar.

Bu žest 2013-nji ýylda, Premýer-Liganyň ýaryşy mahalynda futbolçy Nikolas Anelka tarapyndan ýerine ýetirilenden soň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekipdi.

Antisemit kommentleri üçin ençeme gezek jerime salnan komik häkimiýetleri özüni nogtalamaga çalyşmakda aýyplaýar.

Geçen hepde söz azatlygynyň goldawyna geçirilen köpçülikleýin ýygnanyşyklardan soň, Dieudonniň fransuz häkimiýetleri meniň pikirimi aýtmak azatlygymy bozýarlar diýen beýanaty onuň esasy janköýerleri bolup durýan nägile ýaşlaryň arasynda has çuň seslenme tapjaga meňzeýär.

"Adamlara bilim bermek üçin ägirt uly tagalla edilmegi gerek" diýip, žurnalist Erik Mandonnet aýdýar. "Fransiýanyň belli-belli şäher eteklerinde Dieudonne pitneçi gahryman hökmünde seredilýär, fransuz sudýalarynyň bu hereketlerine düýpden düşünilmeýär."

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG