Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Başlygy aýryp, orunbasaryny bellemek netijesiz"


Kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmagyň S.Nyýazowyň prezident bolan ýyllaryndan bäri dowam edýändigi aýdylýar.
Kadrlary ýygy-ýygydan çalyşmagyň S.Nyýazowyň prezident bolan ýyllaryndan bäri dowam edýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda, «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýip, ýurduň oba hojalyk etraplarynyň ona golaýynyň ýolbaşçylaryny işden boşatdy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, türkmen lideri ýurduň welaýat we etrap adminstrasiýalarynyň işini, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, täzeden gurmak barada görkezme beripdir.

Türkmenistanyň prezidenti 9-njy ýanwarda, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirende hem bir topar ýolbaşçyny, şol sanda Merkezi bankyň, Döwlet Täjirçilik bankynyň, Türkmengaz döwlet konserniniň, Döwlet balyk hojalygynyň başlyklaryny işden boşatdy, ondan gowrak ýokary wezipeli resmä käýinç berdi we «kemçilikler düzedilmese, işden boşatjagyny» duýdurdy.

Eýsem Türkmenistanda prezident tarapyndan ýokary wezipelere bellenilýän we ýygy-ýygydan çalşyrylýan kadrlar ýurtda ýolbaşçylyk işleriniň netijeliligine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy bu soragy ýerli synçylar, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:40 0:00

XS
SM
MD
LG