Sepleriň elýeterliligi

“YD”: Öldürilen ‘orsýetlileriň’ şahsýeti anyklanýar


“Yslam döwletiniň" “orsýetli agentleriň” jezalandyrylyşyny görkezen wideosy

“Yslam döwletiniň" “orsýetli agentleriň” jezalandyrylyşyny görkezen wideosy

"Yslam döwletiniň" söweşijileriniň ýaýradan wideosynda jezalandyrylýandygy görkezilen adamlaryň Gazagystanyň günorta regiony we Orsýetiň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regiony bilen gatnaşygy bolmagy mümkin.

“Yslam döwletiniň” söweşijileriniň şu hepdede ýaýradan wideosynda öldürilendigi görkezilen adamlaryň biriniň kimligi sosial media sahypalarynda peýda bolan maglumatlaryň we Gazagystanyň günortasynda ýaşaýjylar bilen geçirilen interwýular esasynda anyklanana meňzeýär.

Sosial medianyň ulanyjysy, wideoda “orsýetli agentler” diýlip atlandyrylyp, atylyp öldürilendigi görkezilenleriň biriniň öz adamsyna meňzeşdigini AÝ/AR-nyň Gazak gullugyna aýtdy. Şol bir wagtda-da onuň klasdaşy bolmagy ahmal diýlip çak edilýän adam özüniň Gazagystanyň howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan soraga çekilendigini aýtdy.

13-nji ýanwarda ýaýradylan wideoda söweşiji çaganyň gara geýimli iki sany ýesiri, olar özleriniň “yslam döwletiniň” Siriýadaky söweşijileriniň arasyna Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan ornaşdyrylandygyny aýdansoň, kellesinden atyp öldürişi görkezilýär.

Wideoda görkezilenlerden, özüni Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Jambyl regionyndan 38 ýaşly Žanbolat Mamaýew diýip tanadan adama meňzeş biriniň suraty, Orsýetiň ”Wkontakte” meşhur sosial ulgamynda “Amina Mamaýewa” atly ulanyjynyň sahypasynda ýerleşdirilipdir.

Bu sahypanyň ulanyjysy ”Wkontakte” sahypasynda ýerleşdirilen suratdaky adamyň özüniň adamsydygyny, onuň adynyň Žanbolat Mamaýewdigini we özleriniň üç çagasynyň bardygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna habar berdi.

“Ol FSB-niň (Federal Howpsuzlyk agentliginiň) agenti däldi. Ol şäherde taksi sürüji bolup işleýärdi” diýip, özüniň Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky Garaçaý-Çerkez respublikasynyň Garaçaý şäherinde ýaşaýandygyny habar beren ulanyjy aýal: “ol hakyky ärdi we atady” diýip, internet arkaly söhbetdeşlikde ýazdy.

Bu ulanyjy “Žanbolat Mamaýewiň öldürilendigi” görkezilen wideony özüniň görendigini aýtdy, emma bu barada öz pikirini aýan etmekden ýa telefon arkaly söhbetdeş bolmakdan ýüz öwürdi.

14-nji ýanwarda bu ulanyjy “Yslam döwletiniň” wideosynda görkezilen adamy özüniň tanaýandygyny inkär etdi. Agzalan adamyň üç çaganyň suratlarynyň arasynda ýerleşdirilen suraty ulanyjynyň ”Wkontakte” sahypasyndan ol aýal AÝ/AR bilen habarlaşandan sähelçe wagtdan soň ýok edildi.

Onlaýn suratlar

“Yslam döwletiniň” wideosynda Žanbolat Mamaýew diýlip görkezilen adamyň beýleki suratlaryny sosial mediada, şol sanda Orsýetiň ”Odnoklassniki” saýtynda we beýleki sahypalarda tapyp bolýar.

”Odnoklassniki” sahypasynda “Žanbolat Mamaýew” ady bilen bir surat çykýar we bu ýerde berilýän maglumatda 38 diýlip görkezilen ýaş wideodaka gabat gelýär, şeýle-de Žambyl regiony we şähere hem-de etraba degişli Merke ady agzalýar.

Garaçaý regiony

Şol bir wagtda-da ”Wkontakte” sosial ulgamynda şol bir adamyň suraty bilen "Seifullakh Mamaew" ady bilen 2013-nji ýylyň oktýabrynda döredilen sahypada ulanyjynyň ýaşaýan ýeri Merke diýlip görkezilýär we onuň soňky sapar 8-nji oktýabrda ulanylandygy görkezilýär.

Sahypada ulanyjynyň Merke etrabyndaky Oital obasynyň 48-nji mekdebe gatnandygy aýdylýar.

Mekdebiň müdiriniň orunbasary Bahyt Alipbaýewanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtmagyna görä, 1976-njy ýylda doglan Žanbolat Mamaýew atly oglanyň bu mekdepde birinji klasdan dokuzynjy klasa çenli okandygyny aýtdy. “Ol biziň mekdebimizde doly bomadyk orta mekdebiniň attestatyny aldy” diýip, Alipbaýewa AÝ/AR-nyň Gazak gullugyna aýtdy.

Özüni Muhametjan Muzarapow diýip atlandyran adam AÝ/AR-nyň Gazak gullugy bilen söhbetdeşlikde Mamaýew bilen bile mekdebe gatnandygyny aýtdy, emma öz klasdaşynyň maşgalasy bilen ol ýerden 20 ýyl mundan öň göçüp gidendigini aýtdy.

“Şondan bäri biz ol barada hiç zat eşitmedik” diýip, Muzarapow aýtdy we “men olaryň nirä göçendigini ýa-da olaryň bu ýerde garyndaşlarynyň henizem galyp-galmandygyny” bilmeýärin. Ol Bolşewik obasynda ýaşaýardy we biziň mekdebimizde okaýardy. Onuň kakasy gazak, ejesi bolsa etnik garaçaýdy”.

Muzarapow “YD-niň” wideosynyň şu hepdede internetde peýda bolmagynyň yz ýany özüniň Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk komiteti bilen habarlaşandygyny aýtdy.

“Olar meniň ony tanap-tanamaýandygymy bilmek islediler” diýip Muzarapow gürrüň berdi.

Emma Muzarapow we Alipbaýaewa wideony görüp, öz mekdeplerine gatnan Žanbolat Mamaýewiň “Yslam döwletiniň” wideo ýazgysynda görkezilen adamdygyny tassyklap bilmediler.

Wideoda görkezilen ikinji adamyň şahsyýeti barada örän az maglumat bar. Ol özüni Sergeý Aşimow diýip tanatdy we özüniň Federal Howpsuzlyk Gullugynda (FSB) işleýändigini aýtdy.

15-nji ýanwarda ”Kommersant” neşiri Aşimowyň 1994-nji ýylda Gazagystanyň Garaganda şäherinde doglandygyny, ýetim ösüp, internata gatnandygyny, onuň sürüjilik ugrundan bilim alyp, 2000-nji ýyllaryň aýagynda Tatarystanyň paýtagty Gazana gidendigini habar berýär. Ol başda Moskwa Döwlet Uniwersitetinde bilim almak isläpdir we artist kärine ýa-da FSB-niň ýokary mekdebine girmek ýaly mümkinçiliklere höwes edipdir. Ol atyr söwdasy bilen meşgullanyp, soň bolsa sürüji bolup işläp başlapdyr.

”Kommersant” gazeti Aşimowyň özüni “yslama geçen ors” diýip häsiýetlendirendigini we onuň Mekkä zyýarat edendigini, Haja gidendigini habar berdi.

”Orsýet gündeliginiň” maglumatynda, sosial ulgamlara salgylanylyp, onuň Gazanda Orsýetiň Yslam institutynda dini bilim alandygy habar berilýär, emma bu maglumatyň tassyklanmandygy bellenilýär.

14-nji ýanwarda Orsýetiň Siriýadaky diplomatlary “Yslam döwletiniň” wideosynyň peýda bolmagynyň daşyndaky ýagdaýlary we öldürilendigi görkezilen iki adamyň Orsýetiň raýaty bolmagynyň ähtimaldygyny barlaýandygyny aýtdylar.

"Wideoda görkezilenleriň Orsýetiň raýatydygyny tassyklaýan maglumatlar bizde entek ýok. Ilçihana munuň Orsýetiň raýatlarynyň, hususan-da Orsýetiň ýörite güýçleriniň agzalarynyň jezalandyrylandygy çak edilýän maglumaty öwrenýär” diýip, Orsýetiň Siriýadaky ilçihanasynyň metbugat wekili Oleg Samoçkin aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.

XS
SM
MD
LG