Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Yslamçy toparyň agzalary tussag edildi


Gazagystanyň sudy bäş adamy ýurtda gadagan edilen yslamçy toparyň agzasy bolmakda günäli tapyp, olary 18 aý bilen 20 aý aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu baradaky höküm 15-nji ýanwarda Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Taldykorgan şäher sudy tarapyndan çykaryldy.

Gazak derňewçileriniň aýtmagyna görä, gürrüňi gidýän bäş adam Bangladeş şäherindäki yslamçy mekdepde okap, ol ýerde “Tabligi Jamaat” atly yslamçy topara goşulypdyrlar. Bu topar Gazagystanda, Russiýada, Özbegistanda we Täjigistanda resmi taýdan gadagan edilendir.

Sud diňlenişiginiň dowamynda çykyş eden prokuroryň sözlerine görä, gürrüňi gidýän bäş adam Gazagystana dolanandan soň, ekstremist garaýyşlary propaganda edip, öz toparyna täze agzalaryň goşulmagyny gazanmaga çalyşypdyr.

XS
SM
MD
LG