Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý soraga çekilendigini aýdýar


Russiýanyň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý (Aleksei Navalny) onlarça polisiýa işgäri tarapyndan özüniň zor bilen soraga çekilendigini habar berýär. Bu waka 16-njy ýanwarda Nawalnyýnyň Moskwanyň çetindäki jaýynyň daşynda boldy.

Bu resmiler tarapyndan Nawalna garşy amala aşyrylan iň soňky hereketdir. Bu hereketi Nawalnyýnyň tarapdarlary Wladimir Putiniň tanymal tankytçysynyň alyp barýan oppozision işlerine basyş etmek üçin Kreml tarapyndan alnyp barylýan kampaniýa diýip atlandyrýarlar.

30-njy dekabrda Nawalnyý giň göwrümli galplykda aýyplanyp, oňa 3 ýarym ýyl şertli tussaglyk boýunça iş kesildi. Nawalnyýnyň hökümi bilen baglanyşykly arzasy gözden geçirilýänçä, oňa öý tussaglygynda bolmaklyk höküm edilipdi.

Şu aýyň başynda Nawalnyý özüne gözegçilik edýän elektronik bilezigi, ýagny enjamy kesip aýyrdy. Emma muňa garamazdan, ol öz jaýynyň daşyndaky hukuk goraýjy organyň ofiserleri tarapyndan yzarlanýar.

XS
SM
MD
LG