Sepleriň elýeterliligi

Kerri Olland bilen duşuşýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) geçen hepde yslamçy söweşijiler tarapyndan Parižde amala aşyrylan hüjümlerde 17 adam wepat bolansoň, Fransiýanyň halkyna öz raýdaşlygyny bildirmek üçin 16-njy ýanwarda Parižde ýokary derejeli fransuz resmileri bilen duşuşdy.

Kerri fransuz prezidenti Fransua Ollandy (Francois Hollande) gujaklap, öz ýurdunyň Fransiýanyň “hasratyny” deň paýlaşýandygyny aýtdy. Olland Birleşen Ştatlar we Fransiýa ekstremizme garşy bilelikde göreşmeli diýdi.

Mundan öň, Kerri fransuz daşary işler ministri Laurent Fabiusa öňden planlaşdyrylan sapary sebäpli 11-nji ýanwarda Parižde geçirilen köpçülikleýin ýörişe gatnaşyp bilmändigini aýtdy.

Bu aralykda Parižde ýaragly adamlara “maddy-tehniki goldawy bermekde güman edilýän” 12 şübheliniň tussag edilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG