Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Protestçiler fransuz žurnalyny ýazgarýar


Pakistanda Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynda Muhammet pygamberiň suratlandyrylmagy ýazgarylyp, demonstrasiýalar geçirilýär.

16-njy ýanwarda Pakistanyň Karaçi şäherindäki fransuz konsulhanasynyň öňünde polisiýa bilen protestçileriň arasyndaky çaknyşyklarda azyndan üç adam ýaralandy. Protestçileriň aglabasy “Jamaat-e-Yslam” partiýasy bilen ilteşikli studentlerden ybaratdyr.

Fransuz žurnalynyň soňky nusgasynyň baş sahypasynda Muhammet pygamberiň karikaturasy çap edilip, onuň daşynda “Ähli kişi bagyşlandy” diýen sözbaşy ýerleşdirildi.

15-nji ýanwarda kabul edilen rezolýusiýada Pakistanyň aşaky parlamenti Muhammet pygamberiň karikaturasyny çap edeni üçin “Charlie Hebdo” satirki žurnalyny ýazgarýan resminamany kabul etdi.

XS
SM
MD
LG