Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Konfliktde alty esger öldi


Ukrainanyň resmileri ýurduň gündogaryndaky orsparaz separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda soňky 24 sagadyň dowamynda alty esgeriň öldürilendigini we başga-da 18 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Ukrain harbylarynyň metbugat sözçüsi Andriý Lisenkonyň (Andriy Lysenko) aýtmagyna görä, hökümet güýçleri orsparaz separatistleriň Donetskiň halkara aeroportyndaky terminalyň kontrollugyny ele salmak ugrunda eden birnäçe synanyşygyny yza serpikdiripdirler.

Lisenko bu hüjümlerde orsparaz separatistleriň artilleriýa toplaryny, tanklary, minomýotlary we raketalary ulanandygyny aýdyp, terminalyň kontrollugyny öz gözegçiligine geçirendikleri barada separatistleriň eden öňe sürmelerini ret etdi.

Donetsk şäheriniň resmileri sebitde amala aşyrylan hüjümlerde ýangynyň ammara tutaşmagy netijesinde dört adamyň wepat bolandygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG