Sepleriň elýeterliligi

'Resmiler Marydaky heläkçiligi tassyklady'


Çagalar köpçülikleýin çärä gatnaşýarlar, Türkmenistan

Çagalar köpçülikleýin çärä gatnaşýarlar, Türkmenistan

Şu hepdede Ženewada Türkmenistanyň ýurtda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça hasabaty diňlendi. BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde 13-14-nji ýanwarda geçirilen diňlenişige Türkmenistanyň resmi toparynyň düzüminde Statistika boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Lýudmila Amannyýazowanyň, bilim ministriniň orunbasary Geldimämmet Geldimämmedowyň we Içeri işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Agagül Berdiýewanyň hem ýene birnäçe türkmen resmisiniň gatnaşandygy habar berildi.

Gozgalan meseleleriň arasynda 17-nji oktýabrda Maryda prezidenti garşy almak üçin geçirilen köpçülikleýin çärede çagalaryň heläk bolmagy barada peýda bolan maglumat barada sorag orta atyldy we türkmen resmileri muňa jogap berdiler.

Azatlyk Radiosy BMG-niň Çagalar boýunça komitetiniň bu sessiýasyna gatnaşan “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş bolup, maslahat barada gürrüň bermegi haýyş etdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, BMG-niň Türkmenistanda çagalaryň hukuklary boýunça maslahatynda 16-njy oktýabrda Maryda köpçülikleýin çärede çagalaryň heläk bolmagy bilen bagly maglumat boýunça sowaly türkmen häkimiýetlerine kim berdi?

Farid Tuhbatullin: Bu mesele, dogrusyny aýtsaň, biraz yza çekilip aýtsak, biz öz alternatiw hasabatymyzy taýýarlap, Komitetiň wekilleri bilen geçen ýylyň tomsunda öňünden duşuşyk geçiripdik. Biziň şonda orta atan meselelerimiziň biri Türkmenistanda ideologik häsiýetli köpçülikleýin çärelere çagalaryň köp çekilýändigi, olaryň yssyda we sowukda uly kösençliklere sezewar edilýändigi bilen bagly bolupdy. Soňra, Maryda bolan wakalardan soň, BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň wekilleri şol ýagdaýa hem aýratyn üns berip, ähli faktlary toplap başladylar.

Şeýlelikde komitetiň wekilleri Maryda 17-nji oktýabrda bolan ýagdaýlar barada öz sowallaryny şu hepdede gös-göni türkmen resmilerine hem berdiler. Bu sowala Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili jogap berdi. Ol wakanyň bolandygyny tassyklady. Emma agzalan ulagyň prezidentiň goragyna degişli däl-de, häkimligiň hojalyk ulagy bolandygyny aýtdy we ähli günäkärleriň jezalandyrylandygyny belledi. Bu sowal Türkmenistanyň wekillerine çagalaryň hukuklaryny goramak nukdaýnazaryndan berildi, emma ”Köpçülikleýin çäreler mundan beýläk-de dowam etdirilermi?” diýen anyk soraga, gynansak-da, türkmen resmisinden hiç hili jogap bolmady.

Azatlyk Radiosy: Türkmen delegasiýasynyň çykyşy, umuman, nämä bagyşlandy?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanyň resmi toparynyň çykyşy, olaryň nukdaýnazaryndan, pozitiw faktlary nygtamak, negatiw zatlar barada bolsa doly dymmakdan ybarat boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileriniň çykyşynda pozitiw diýlip, nämeler görkezildi?

Farid Tuhbatullin: Meselem, saglygy saklaýyşda ýagdaýyň gowulanandygyny aýtdylar. Gepatit A we käbir beýleki ýokanç keselleriň azalandygyny aýdyp, käbir sanlary getirdiler. Emma bu sanlary barlap, olaryň hakykata näderejede gabat gelýändigini subutnamalara esasynda barlap bolanok. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatçylygyň azalandygyny hem habar berdiler. Emma bu sanlar hem diňe iki ýyla, ýagny, 2011-nji we 2012-nji ýyllara degişli bolup, ol bu ugurdan umumy tendensiýany görkezmeýär. Muňa garamazdan, halkara guramalarynda Türkmenistanyň hökümetiniň berýän sanlaryndan başga elýeter maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz BMG-niň we beýleki guramalaryň Türkmenistan boýunça geçirýän maslahatlarynyň ählisine diýen ýaly ýyllar boýy gatnaşyp gelýärsiňiz. Türkmen resmileriniň şu gezekki çykyşynda ozalkylaryndan tapawut gördüňizmi?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanyň resmi toparynyň agzalarynyň özlerini alyp barşy mende has oňyn täsir döretdi. Sebäbi ozlaky maslahatlara, meselem, mundan birnäçe ýyl öň BMG-niň komitetinde adam hukuklary boýunça maslahatyna gatnaşan türkmen delegasiýasynyň özüni alyp barşy dostlukly däldi. Şu sapar ministrlikleriň orunbasarlary derejesindäki resmilerden düzülen resmi toparyň öz wezipesine has işjeň gatnaşandygy, öz aralarynda maslahatlaşyp, çykyş edendigi, umuman işjeň ýagdaý göze ildi. Olar käbir zatlara talabalaýyk jogap hem berdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG