Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ýurtlaryň maliýe aýdyňlygyna baha berdi


ABŞ-nyň Döwlet departamenti Maliýe aýdyňlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Maliýe aýdyňlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Maliýe aýdyňlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda ýurtlaryň maliýe pudaklarynyň geçen ýylyň dowamynda näderejede açyk-aýdyň bolandygyna baha berilýär.

2014-nji ýyl boýunça hasabatda Türkmenistan maliýe aýdyňlygy boýunça göze iler ýaly ösüş gazanmadyk ýurtlaryň hatarynda görkezilýär.

Türkmenistanyň döwlet býujeti düýpli düzülmän, onuň girdeji we çykdajy bölekleriniň ministrlikleriň arasyndaky bölünişigini görkezmeýär diýip, hasabatda aýdylýar we Türkmenistanyň döwlet býujetinden döwlet kärhanalaryna edilýän çykdajylaryň möçberi barada hem hiç hili maglumatyň berilmeýändigi bellenilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň maliýe pudagynyň açyk-aýdyňlyk derejesini býujete degişli maglumatlaryň köpçülige elýeterli edilmegi arkaly ýokarlandyryp boljakdygy bellenilýär.

Şeýle-de Türkmenistanyň maliýe pudagynyň açyk-aýdyňlygyny ýurduň nebit we tebigy gaz söwdasyndan gelýän girdejileri barada hem-de tebigy resurslar bilen bagly hökümet kontraktlarynyň we lisenziýalarynyň berilmegi barada maglumatlaryň köpçülige mälim edilmegi pugtalandyryp bilerdi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýurtlaryň Maliýe aýdyňlygy boýunça 2014-nji ýyla degişli hasabatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejiler milli girdejileriň esasy bölegini düzýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi maglumatyna görä, onuň ýurtlaryň maliýe aýdyňlygyna baha bermek boýunça kriterileri beýleki federal guramalar bilen bilelikde işlenip düzülýär we daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan potensial ýurtlaryň hökümetleri üçin maliýe aýdyňlygyna degişli talaplary kesgitleýär hem-de olaryň bu talaplary üpjün etmek ugrundaky üstünliklerini we şowsuzlyklaryny görkezýär.

Şeýle-de, hasabata görä, daşary ýurt kömegini alyjy 140 sany potensial ýurtlardan 50 ýurt maliýe aýdyňlygy boýunça şertleriň minimal talaplaryna gabat gelmändir, 11 ýurt maliýe aýdyňlygyny üpjün etmekde belli bir derejede üstünlik gazanypdyr.

XS
SM
MD
LG