Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat ötüginiň 'düzedilýän' gurluşygy


Gurulýan Aşgabat

Gurulýan Aşgabat

Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde ençeme ýyl bäri gurulýan ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň guluşyk işleriniň goşmaça ylalaşyklar esasynda dowam etdirilýändigi habar berilýär.

Hökümet başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň anna güni geçirilen hökümet maslahatynda beren maglumatyna görä, «Interbutmontaž» gurluşyk assosiasiýasy tarapyndan gurulýan bu desgany bina etmek babatda potratçy bilen goşmaça ylalaşyklar baglaşylypdyr.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu goşmaça ylalaşyklar boýunça göz öňünde tutulan işleriň birinji tapgyry doly tamamlanyp, häzirki pursatda ikinji tapgyryň işleri alnyp barylýar.

Aýdylmagyna görä, häzir paýtagtyň demirgazyk böleginde uzynlygy 3792 metr, diametri 6 mert bolan zeýkeş-aragatnaşyk ötügi gurlup, onuň içki gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Gije-gündizde kuwwaty 300 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desganyň bolsa, demir-beton işleri tamamlanyp, soňky timarlaýyş işleri, şäheriň esasy energiýa ulgamyna birikdirmek babatdaky gurluşyk işleri edilýär.

Mundam başga, ýagyş suwlaryny toplamak boýunça uzynlygy 2105 metr ulgamyň gurluşygynyň doly tamamlanandygy habar berilýär.

Hökümet başlygynyň orunbasarynyň maglumatyna görä, düzedilen proýekte laýyklykda zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň ýene-de 4956 metrini, lagym kabul ediji guýularyň dördüsini, şöhle-zeýkeş guýularynyň sekizisini, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini dolandyrmak üçin edara binasyny, aragatnaşyk we howpsuzlyk ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu proektiň amala aşyrylmagy türkmen paýtagtyndaky ýerasty suwlaryň ýokary galyş derejesini peseltmäge, şäheriň durmuş-üpjünçilik meselelerini töwerekleýin çözmäge ýardam etmeli.

Ýöne hökümet maslahatynda öňräkden bäri gurulýan desganyň gurluşygynyň näme üçin beýle uzaga çekdirilýändigi, oňa şu wagta çenli näçe döwlet serişdesiniň harçlanandygy we goşmaça ylalaşyklar esasynda näçe pul harçlanjagy barada maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosy bu meseleler barada pikirini aýtmagyny sorap, aşgabatly raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowa ýüz tutdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG