Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Charlie Hebdonyň» redaktory günälenýär


Fransiýanyň «Charlie Hebdo» satiriki hepdeliginiň esaslandyryjy agzasy öldürilen redaktor Stephane Charbonnieri, Muhammet pygamberiň prowokatiw karikaturalaryny çap etmek bilen, žurnalyň işgärlerini ölüme «çekmekde» günäledi.

Charbonnier we ýene 11 adam, olaryň sekizisi žurnalist, 7-nji ýanwarda yslamçy ekstremistleriň Parižde, satiriki žurnalyň ofisinde eden gyrgynçylygynyň pidasy boldy.

1970-nji ýylda «Charlie Hebdo» hepdeliginiň ilkinji sanynyň çykmagynda hyzmatdaşlyk eden 80 ýaşyndaky Henri Roussel bu gyrgynçylykdan soň, Charb diýip tanalýan Charbonniere açyk hat ýazdy.

Ol hatynda şeýle diýýär: “Men muny hakykatdanam saňa garşy goýýaryn.” Ol Charbonnieri "ajaýyp ýigit" atlandyrdy we onuň kejeňek hem bolandygyny aýtdy.

«Charlie Hebdonyň» aklawçysy Richard Malka Rousseliň tankydyny ret etdi. Ol bu hat çap edilende Charbonnier heniz jaýlanyp hem ýetişmändi diýip, nägile boldy.

XS
SM
MD
LG