Sepleriň elýeterliligi

HJS Palestinada derňew geçirýär


Halkara Jenaýat sudunyň prokurorlary özleriniň Palestinanyň territoriýalarynda edilen bolmagy mümkin uruş jenaýatlary boýunça derňew işini açandyklaryny aýtdylar.

Bu derňew netijesinde ysraýyllylaryň ýa-da palestinalylaryň garşysyna aýyp bildirilmegi mümkin.

HJS-nyň prokurory Fatou Bensouda 16-njy ýanwarda özüniň «doly garaşsyzlyk we bitaraplyk» esasynda deslapky derňewlerini geçirjekdigini aýtdy.

Palestinanyň hökümeti HJS-nyň kanunçylygyny ykrar etdi we şu aýyň başynda bu suduň öz territoriýasynda derňew geçirip, Ysraýylyň iýun aýynda Gaza eden hüjümi mahalynda uruş jenaýatlarynyň bolup-bolmandygyny anyklamagy sorady.

Özi HJS-na agza bolmadyk Ysraýyl Haagada ýerleşýän suduň yglan eden habaryny ýazgaryp çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG