Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan býujetine gaýtadan seredýär


Gazagystanyň hökümeti, dünýä bazarlarynda nebitiň bahasynyň kesgin aşak gaçmagy bilen baglylykda, özüniň 2015-17-nji ýyllar üçin býujetine gaýtadan sereder.

Milli ykdysadyýet ministri Ýerbolat Dosaýew 16-njy ýanwarda dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň ýygnagynda täze býujetiň nebitiň her barreliniň 50 dollar bahalanmagy esasynda hasaplanjagyny aýtdy.

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 15-nji ýanwarda «biz öz býujetimize biraz öň gaýtadan seretdik, emma zerur bolsa, biz oňa ýene gaýtadan serederis» diýdi.

Şeýle-de Nazarbaýew "Gazagystanlylaryň ählisiniň bilmegi gerek, biz öz çykdajy harajatlarymyzy azaldýarys» diýdi.

XS
SM
MD
LG