Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dini beýanatlar: Gar adam, ýoga, tatirowka... gadagan


Kabul, owgan zenany maşyn sürmegi öwrenýär
Kabul, owgan zenany maşyn sürmegi öwrenýär

Golaýda Saud Arabystanynda ýaşaýan ruhany Şeýh Saleh Al-Munajidiniň gardan adam ýasamaklygy gadagan edýän dini beýanat bermekligi geňirgenme döretdi. Eýsem bu onuň dini temada beren ilkinji geň dini beýanaty däl.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli wagtlarda aýratynlykda berlen geň dini beýanatlaryň käbirini dykgatyňyza hödürleýäris:

Gardan adam (ýasama adam) ýasamaklyk gadaganlygy

Krym, Gar adam
Krym, Gar adam

Geçen hepde Saud Arabystanynda ol ýurt üçin gaty seýrek duş gelinýän bir tebigy hadysa bolup geçdi, ýagny ýurduň käbir ýerlerine gar ýagdy. Köp adam öz begenjini gardan adam ýasamaklyk bilen beýan edipdir. Ýöne olaryň begenji uzaga çekmändir. Olaryň el hünärini görkezýän suratlaryň sosial ulgamda ýaýramagynyň yzýanyndan ýerli ruhany Şeýh Saleh Al-Munajid, gardan şeýle görnüşde keýp almaklygyň gadaganlygy barada dini beýanat beripdir. Şeýh şeýle diýipdir: "Hatda oýun ýa-da hoşwagtlyk üçinem bolsa, şeýle gardan adam ýasamaklyk bolmaýar".

Marsa bilet almak gadaganlygy

Kosmos şekilleri
Kosmos şekilleri

Birleşen arap emirlikleriniň din işleri baradaky Yslam meseleleriniň ýokary organynyň kararyna görä, eger kimde- kim Marsa gitmek üçin bilet alsa, ol yslam dininiň kadasyny bozar. Geçen ýyl gollandiýaly bir guramanyň 2025-nji ýylda Marsda adam ýaşaýşyny gurnamaklyk babatdaky planyny yglan etmeginiň yzýanyndan berlen bir dini beýanatda munyň bilen baglanşykly "Şeýle ýagdaýda ölüm ähtimaly sag galmaklyk ähtimalyndan has agdyklyk edýär" diýlipdir.

Tatirowka gadaganlygy

Türk tatirowkaçysy iş başynda
Türk tatirowkaçysy iş başynda

Türkiýäniň din işleri baradaky ýokary guramasynyň garaýşyna görä, bedeninde pozulmaýan hemişelik surat ýa-da şekil, ýagny tatirowka bolan bir musulman hökmany suratda toba etmelidir.

Türkiýäniň din işleri baradaky ýokary guramasy 8-nji ýanwarda beren beýanatynda, bedeninde tatirowka bolan bir musulmanyň eger mümkin bolsa ony aýyrmaklygyny maslahat beripdir.

Geçen ýylyň iýul aýynda häzirki prezident Rejep Taýýyp Erdogan, entäk premýer-ministrkä, golunda tatirowka bolan 18 ýaşyndaky bir futbolçy bilen eden söhbetdeşliginde onuň deride rak keseline sebäp bolup biljekdigi babatda duýdyryş beripdir.

Ýoga gadaganlygy

Hindi ýogaçylary
Hindi ýogaçylary

Malaýziýanyň milli dini maslahat geňeşi 2008-nji ýyldaky bir dini beýanatynda ýurtdaky musulmanlara, gelip çykyşynyň butparazlyk bilen baglanşyklydygy sebäpli, ýoga bilen meşgullmazlyk babatda tabşyryk beripdir.

Ýoganyň musulman adamyň ynanjyny bozup biljekdigini öňe süren geňeş, bir hatarda Hallowen we Keramatly Walentine bagyşlanan günleriň bellenmezligini, şonuň ýaly-da agyr metallika görnüşdäki aýdym-sazlary gadagan edipdi.

Zenanlaryň welosiped, ýagny tigir sürmekligi babatda gadaganlyk

Gyrgyz gyzlary
Gyrgyz gyzlary

2010-njy ýylda Hindistanly bir ruhany 13 ýaşyndan uly bolan gyzlaryň welosiped, ýagny tigir sürmekligini gadagan edýän dini beýanat beripdir. Müfti Arşad Faruki dini beýanatyna şeýle düşündiriş beripdir: "Zenanlar tigir süren mahaly olaryň organlary has belli ýagdaýda öňe saýlanýar. Şeýle-de welosipediň, ýagny tigriň gurluşy zenanlaryň bedenine halal täsir etmeýär".

SMS bilen aýrylyşmaklyk bolmaýar

SMS habarlaşygy
SMS habarlaşygy

Ýanýoldaşyňa bir SMS iberip aýrylyşmaklyk, ýagny bir zenana şeýle şum habary bildirmekligiň oňaýly usuly hasaplanmaýar. Bu ýagdaý käbir ýurtlarda yslam dinine garşy kabul edilýär. Russiýa işlemäge giden zähmet migranty adamsyndan bir SMS ýa-da bir telefon jaňy bilen aýrylşan zenanlaryň az bolmaýan ýurtlarynyň biri hem Täjigistan bolup durýandyr.

Dubaýyň Yslam we ynsanperwerlik guramasy hem gazaply görnüşde iberilen SMS-leri ygtybarsyz kabul edipdir. Diňe mundan başga görnüşde "aýrylyşýaryn" diýen sözlemler ygtybarly hasaplanýar.

"Mickey Mouse" ölmeli

Mickey Mouse
Mickey Mouse

Gardan adam bardaky dini beýanaty bilen tanalýan Al-Munajid 2008-nji ýylda "Mickey Mouse" gurjak syçan gahrymana garşy hem ""Mickey Mouse gurjak oýnuna, ýagny multfilmine tomaşa edilmeli däldir. Yslamyň kadalaryna görä ol her hili ýagdaýda öldürilmelidir" görnüşinde dini beýanat beripdir.

Al-Munajid kän wagt geçmän öz pikrine düşündiriş bermäge synanşypdyr we "Mickey Mouse öldürilmelidir diýmek bilen, zyýanly syçandyr-alakalary göz öňünde tutupdym" diýipdir.

Zenanlara awtomobil sürmek gadaganlygy

Saud Arabystanynda zenanlaryň awtomobil sürmekiligi kanun esasynda gadagan bolmasa-da, 1990-njy ýyllarda berlen bir dini beýanat bilen gadagandyr. Ýerli zenanlar muňa nägileliklerini awtomobildäki surat we wideolaryny yzgiderli sosial ulgamlarda ýaýratmaklyk bilen bildirýärler.

Owganystan, sürüjiligi öwrenýän zenanlar
Owganystan, sürüjiligi öwrenýän zenanlar

Ýöne şeýle hereketler hemişe jezasyz galmaýar. Geçen ýyl Manal Al-Şarif atly bir zenan şeýle temada bir wideo ýaýradandan soň tussag edilipdir we şeýle işi gaýtalamajakdygy babatda söz berenden soň, 10 gün tussaghanada ýatyp, azatlyga çykypdyr.

XS
SM
MD
LG